Bloga gaýdyp barmak

Windows 11-de Bloknoty (Notepad) Nädip Açmaly (10 Aňsat Usul)

May 15, 20267 min read

Windows 11-de Bloknoty (Notepad) Nädip Açmaly (10 Aňsat Usul)


Has köp wagt tygşytlap, köp işi bitirmek hünär bolup, ony her kim edip bilmeýär.

Eger men ýaly Windows ulanyjysy bolsaňyz, Windows Notepad (Bloknot) bilen hemişe iş salyşmaly bolýarsňyz. Çalt bellik ýazmak üçin bloknot iň oňat we dogry saýlawdyr. Çünki ony açmak aňsat we ýeňilçedir. Ýatda saklamak we islän wagtňyz ýekeje gözleg bilen oňa girmek aňsat. Eger sizem mende bolşy ýaly şeýle çalt bellikleri iş stolunda saklamaga endik eden bolsaňyz, onda islän wagtňyz ony tapmak has-da aňsat bolar. (Ýöne ähli faýllar gowy tertipleşdirilen bolmalydyr).

Gysgaça jogap: Windows 11-de bloknoty açmagyň iň çalt ýoly

Windows 11-de bloknoty açmagyň iň çalt ýoly gözleg aýratynlygyny ulanmak we ENTER düwmesine basmakdyr. Klawiaturada WINDOWS düwmesine basyň we NOTEPAD diýip ýazyň (Bu ýerde doly sözi ýazmagyň hem zerurlygy ýok. Men hemişe N harpyny ýazýaryn we ENTER basýaryn. Gutardy. Bu makalany doly okamankäňiz, ony derrew şu ýerde synap bilersiňiz).

Windows operasion ulgamyňyz gözleg aýratynlygy arkaly nämäni açmaga çalyşýandygyňyza düşünmek üçin ýeterlik derejede akyllydyr. Siz ýene-de NOTE ýaly has köp harp ýazyp we ENTER basyp bilersiňiz. Ol ýene-de sizin üçin Bloknoty açar. Ýöne iň çalt ýoly "N" harpyny ýazyp, ENTER basmakdyr.

Ýöne notepad.is sahypasyndaky bu gollanmada biz Windows 11-de Bloknoty nädip açyp biljekdigiňiz barada amaly gollanma bilen 10 sany aňsat we çalt usuly gözden geçireris.

Geliň, Windows 11-de bloknoty nädip açmaly diýen birinji usuly ara alyp maslahatlaşalyň.

1-nji usul — Gözleg zolagyndan (iň aňsady)

Kompýuteriňizde gurnalan islendik programmany tapmak üçin Windows-yň adaty gözleg aýratynlygyny ulanyp bilersiňiz. Ol öňünden gurnalan programma bolsun ýa-da soňra gurnan üçünji tarap programmalaryňyz bolsun.

Notepad özbaşdak Windows-a gurnalan programmalaryň biridir.

Windows-yň aşaky zolagynda gözleg setirini görüp bilersiňiz. Oňa basyň we "Notepad" diýip ýazyp başlaň. Sözi ýazyp başlan wagtyňyz ulgam size ýazýän sözüňize meňzeş ähli programmalary, resminamalary, mediýalary we ş.m. görkezer. Sanawda Bloknoty (Notepad) görersiňiz.
Bloknoty göreniňizde, şol ýerde saklanyň we oňa basyň ýa-da klawiaturadaky ENTER düwmesine basyň. Ýöne ony açmak üçin klawiaturany ulanmazdan ozal syçanyň bloknotyň üstünde durandygyna göz ýetiriň. Syçan bilen göni basyp bilersiňiz we notepad sizin üçin açylar.

Bu usul Windows 10, 11 we beýleki wersiýalarda hem ulanylýar.


2-nji usul — Başlat (Start) menýusyndan → Ähli programmlar


Bu Windows 11-de Başlat menýusy aýratynlygyny ulanyp, Notepad açmagyň 2-nji usulydyr.

Bu aňsat we çalt ýoldur. Ekran aşagyndaky Başlat ýa-da kiçi Windows nyşanyna basyň. Ol açylandan soň, iň köp ulanýan programmalaryňyzyň birnäçesini görersiňiz. Bellenen ýagdaýda ulgamyňyz diňe şol programmalary görkezer. Eger Notepad-y köp ulanýan bolsaňyz, ony sanawda görersiňiz. Eger notepad size görünmese, "Ähli programmalary görkez" (Show All) diýlen düwme bar, oňa basyň.

Indi programmalaryň sanawyndan notepad-y gözläň. Ony çalt tapmak kompýuteriňizde näçeme programmanyň gurnalandygyna baglydyr.

3-nji usul — Run penjiresi (Win + R)

Bu Windows-da gurnalan islendik programmany gözlemek we tapmak üçin iň meşhur usuldyr. Meniň tejribäme görä, programmistler we oýlap tapyjylar bu usuly ulanmagy gowy görýärler.
Adaty kompýuter ulanyjylary kompýuter gysga ýol düwmeleri barada kän bir zat bilenoklar.

Klawiaturadaky WINDOWS düwmesine + R basyň we ekranda kiçi "RUN" penjiresi açylar. Bu kompýuteriňizde islendik zady ýazmaga we gözlemäge mümkinçilik berer. Gözleg meýdançasyna notepad diýip ýazyň we Enter basyň ýa-da OK düwmesine basyň. Notepad sizin üçin açylar.

4-nji usul — Sargyt setiri (Command Prompt)


Şeýle hem CLI (Command Line Interface) diýlip hem atlandyrylýar, bu notepad açmagyň ýene bir ýoly CMD buýrugydyr. Bu hem kompýuter hünärmenleri üçin islendik programmany açmagyň iň gowy görýän usulydyr. Adaty ulanyjylar bu usuly olaryň eden ýaly ulanmaýarlar. Windows-da buýruk setirini ulanmak üçin CMD setirini ýazmagyň (kod ýazmagyň) esaslaryny bilmeli bolarsyňyz.

5-nji usul — PowerShell ýa-da Windows Terminal


Windows PowerShell ýa-da Windows Terminal ýokarda agzanymyz Command Prompt-a gaty meňzeşdir.

PowerShell we Windows Terminal kompýuteriňizde islendik wezipäni ýerine ýetirmek üçin güýçli we hünärmen gurasydyr. Bu başlangyç derejedäki ulanyjylar üçin däl, çünki ony ulanmak üçin azajyk kodlaşdyrma we buýruk setiri kody barada bilimiňiz bolmaly.

6-njy usul — Faýl gözlegçisiniň salgy zolagy (File Explorer Address Bar)


Bu Windows 11-de bloknot açmagyň ýene bir üýtgeşik usulydyr. Windows ulanyjylarynyň köpüsi bu usul barada bilemok. Belki siz hem olaryň biridirsiňiz.

Faýl dolandyryjyňyzy açyň we häzirki papkanyň ýoly ýerleşýän faýl gözlegçisiniň salgy zolagynda baryny saýlaň, hemme zady aýryň we notepad diýip ýazyň hem-de enter basyň. Ol gönüden-göni sizin üçin bloknoty açar.

Bu usul bilen kompýuteriňizde islendik programmany açyp bilersiňiz. Bu bir hilegärlikdir.

7-nji usul — .txt faýlynyň üstüne sag basyň → Açmak (Open with)


Windows-da tekst (.txt) faýllaryny ýazmak we saklamak üçin Bloknot ulanylýar. Diýmek, eger ýerli kompýuteriňizde eýýäm .txt faýly bar bolsa, oňa sag basyp we notepad arkaly açyp bilersiňiz. Notepad sizin üçin açylar.

Ol açylandan soň, täze notepad faýlyny açmak üçin Ctrl + N basyp bilersiňiz we has köp täze faýllar üçin bu amaly islänçäňiz gaýtalap bilersiňiz.

8-nji usul — Bir gezek basyp açmak üçin Bloknoty Tabşyryk paneline (Taskbar) berkidň

Windows-da notepad ýa-da islendik programmany açmagyň ýene bir çalt ýoly ony tabşyryk paneline berkidip goýmakdyr. Diýekeje basmak bilen islendik programmany açyp bilersiňiz. Bu usul Windows-yň ähli wersiýalarynda işleýär we ulanylýar.

Men şol programmalary yzygiderli ulanýandygym üçin bu usuly hut özüm ulanýaryn.

9-nji usul — İş stolunda gysga ýol (Shortcut) dörediň


Windows islendik programma üçin iş stolunda gysga ýollar döretmäge mümkinçilik berýär. Siz gurnalan ýerinde notepad nyşanynyň üstüne sag basyp, biraz süýşürip bilersiňiz. Ol gysga ýol döretmek üçin wariant görkezer. Ony dörediň we iberiň, göçürip alyň ýa-da kesip alyň we şol ýerden iş stolyna ýapyşdyryň, şonda bloknota aňsatlyk bilen girip bilersiňiz.

10-nji usul — Ýörite .txt faýlyny tabşyryk paneline berkidň (ösen)

Bloknoty açmagyň iň çalt ýollarynyň biri hem ony tabşyryk paneline berkidip goýmakdyr.

Bonus: Gurnama işini aýryň — Onlaýn bloknoty dessine açyň
Windows-da bloknot açmak üçin ýokardaky 10 usulyň hemmesi kompýuteriňizde notepad programmasynyň gurnalmagyny talap edýär. Ýöne muňa alternatiwa bar. Bloknoty onlaýn ulanyň.

Elýeterli mugt onlaýn bloknot gurallary köp. Notepad.is olaryň biri bolup, oňa hiç hili hasaba girmän ýa-da agza bolman ýazyp başlap bilersiňiz.

Nädip üçin bloknot käwagt açylmaýar (we ony nädip düzetmeli)

Siz hem bloknotyň işlemeýändigi we Windows-da açylmaýandigi ýaly meňzeş meselä duçar bolup bilersiňiz. Ulanyjylaryň köpüsi bu hili meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu birnäçe sebäplere görä bolup geçýär.

  • Zeper ýeten ulgam faýllary

  • Näsazlyklara getirýän Windows täzelemeleri

  • Wýetirilen programma sazlamalary

  • Dawalaşýan programmalar

  • Malware ýa-da wiruslar

  • Ýiten Notepad gurnamasy

  • Ümürli TXT faýl gatnaşyklary

  • Ýetmezçilik edýän ulgam serişdeleri

Nädip Düzetmeli?

  1. Kompýuteriňizi täzeden goýberň (Restart)

  2. Run buýrugy arkaly bloknoty açmaga synanyşyň

  3. Notepad-y täzeden gurnäň

  4. Zeper ýeten Windows faýlyny abatlaň

  5. Windows täzelemelerini barlaň

  6. Malware üçin skanirläň

  7. TXT faýl gatnaşyklaryny düzetň

Windows 11 üçin Notepad programmasyny şu ýerden mugt göçürip alyp bilersiňiz: https://apps.microsoft.com/detail/9msmlrh6lzf3

Degişli makalalar